Ýalan adam
Sen adamy ýok ýerinden gözleme,
bar ahyryn diýip egninde kelle,
ýüzi, gözi, gulak-burny ýerinde,
penjek geýen, aýakgaby arzan däl,
goşarynda sagady bar owadan,
her bir diplom alan adam bolmaýar,
ýa-da işlän uly, arzyly işde,
agzyn açsa, ynanmarsyň gulagyň
eşiden sözüne, aňk bolup ilki,
bar günäni agtararsyň özüňden,
ejiz, egsik duýup, bolsaň-da güýçli.
Gynanma sen eger ezilýän bolsa,
gulaç dilli gerekmejek ýerinde,
gara görse, çem gelene bukulýan,
hak-hukugyn soramaga çekinip,
ýok hudaý gije-gündiz çokunýan,
öz ykbalyn özi saýlap alandyr,
sen adamy ýok ýerinden agtarma,
käte göwre durşy bilen ýalandyr.