Kiçijik adamlar
Sen adamlar aýdar öýdüp garaşma,
diýer diýme diýmelisin wagtynda,
dymar olar, gerek ýerde gürlemez,
ýa-da gürlär bolar-bolmaz, biderek,
il üçin däl, özi üçin ýüzlekler,
gorkusyndan, bilip susar, elbetde,
sen adamlar öser diýip garaşma,
bolar diýme bir gün özünden ketde.