Ukrain çözgüdi
Ýurduny goran Nazar Saparowyň ruhuna bagyşlanýar
Doganyň bolmasa, dostuň bolmasa,
goňşy-golam, tire-taýpaň gelmese,
il-ulusyň, diňe dilinde millet,
saňa näme bolýar, bilip bilmese,
ýa bilmedik bolsa, gaçyp ýurduňdan,
ýurduň ykbalynyň çözgüdi üçin,
gutulmagy üçin gaflatdan iliň,
ýüz elli ýyl baş galdyryp bilmeýän,
gyrylan, urulan, gözüniň ody,
uçguny alynyp, ýüzi gülmese,
goşgy ýazsaň, okamasa, okasa
düşünmese aňyrsynda näme bar,
kyssa ýazsaň, kitabyňy almasa,
üstesine gulaç bolsa dilleri,
özi ölüp, men-menligi ölmese,
galmasa hiç gedemligi yzyndan,
öňe geçse, aşak basyp dyzyndan,
garaşmaly bolar: ahyry bir gün,
garysyna galar diýip ukrain,
öz aryny, meniň arym, sag bolsun,
kemin goýman alar diýip ukrain!