Ol adamlar
It's hard to free fools from the chains they revere. Voltaire
Ol adamlar, menden ýaşy ulular,
deň-duşlarym, menden ýaşy kiçiler,
okan, belki, menden gowy mekdepde,
menden gowy iýip-içip ulalan,
ýa aç bolan, gözi doýmajak ömür,
kanagatsyz, bolan bolýan namazhon,
men bu urşuň gyrasyndan giremde,
galam alyp, ýaragym ýok, söz diňe,
asla ýokdy golaýymda, goltumda,
ne atlaryn, ne lakamyn eşitdim,
ýaralandym, bir gezek däl, belli zat,
biri gelip suw bermedi, teşnedim,
gum sepip ýa ýalap duruzdym ganym,
ol adamlar, menden ýaşy ulular,
deň-duşlarm, menden ýaşy kiçiler,
indi menden bu meýdany gysganýan,
başarsa, müň gezek aljaklar janym,
janymdan öň garalajak adymy,
ýa ýylgyran, gülen boljak işime,
asan bolýan özün asmandan, ýalan,
galp adamlar azda bolsa köp ýaly,
öz-özün basgylap, beýige galan.