Gurjagyň bagty
Adam bagtyn satyn alyp bilmeýär,
altyn döküp, göwher döküp, zer döküp,
ýöne adam aldap bilýär özüni,
aldap bilýär töweregin, daşyny,
pul dökende alan ýaly bagtyny,
begenjini, guwanjyny isleýän,
belent tutup temegini, başyny,
buýsanç bilen ýylgyrýar ol içinden,
başlanýar bu çagalykdan, aglanda
ylgap gelip, emme berýär ejesi,
soň düşünýär geýim-eşik, päpeje
geýdirseler, begenjiniň çägi ýok,
oýunjaklar, gelen güni negözel,
iki günden it degendir, zyňylar,
adam okap, bagtly bolup bilmeýär,
adam dokap, bagtly bolup bilmeýär,
kanagat bolmasa ýürekde, gözde,
bile-göre başga işinde, sözde,
basyp alyp goňşusynyň ýerlerin,
obalaryn, şäherlerin başganyň,
ýa öz ilin talasyn ol garawsyz,
bolşewigiň emellerin ulanyp,
nebit-gazyn ogurlasyn milletiň,
ogullaryn urşa sürsün keýpine,
hemem baky gelen ýaly, ölmejek
ýaradany, hak allany oýnasyn,
roluna girip, çalşyp eşigin,
adam bagtyn satyn alyp bilmeýär,
köşgi-eýwan gursun, ýüz ýyllap durjak,
sebäbi ol aýna baksa, özün däl,
alajy ýok, görýär adam däl, gurjak.