Oňaýsyz ýaşaýyş
Adam senden gaty kiçi bolmasa,
oňaýsyz duýmasaň özüňi ýerde,
deňine çen kiçelmeli bolmasaň,
degäýmäýin diýip göwnüne birden,
ýylgyrsa ýalandan ýylygyryp beter,
ýaňsylasa ýaňsy bilen seredip,
ýa öç alsa, öç almaly bolmasaň,
ýa oýnuny oýnamsaň oýnasa,
çaga ýaly, gözün ýumup bukulýan,
eger özi görüp bilmese seni,
geçjek ýaly senem deňinden görmän;
adam senden gaty ownuk bolmasa,
deňeçerräk bolsa, bolmasa kelte,
duzy bolsa biraz, bolmasa ýuwan,
üstesine guwanmasa özüne,
çorbanyň çorbasy bar bolup bilşi,
iliň bilen ýaşamasaň egilip,
keseki däl, boljak bolup bir ülşi.