Soňy gelmedik hun
Ýok, olaryň niýetleri gowy däl,
eýgilik däl pikirleri, belli zat,
yzymyzda galanlary har edip,
gara suwa, çaý-çörege zar edip,
diňe biz däl, ýüz müňleriň ejesi,
atasy, babasy, garrylar, ýaşlar,
garaşyp öldüler gözlerin ýaşlap,
meger, mazarynda garaýan ýola,
ýa-da uçup ruhlary asmanda,
gözläp ýören ýakynyny näçedir,
gijesi ak, gündizleri gijedir;
ýok, olaryň niýetleri gowy däl,
eýgilik däl pikirleri, belli bu,
diňe biz däl, kast edilen uly il,
150 ýyl şeýle bolup geldi bu,
Gazawat bu, Gökdepe bu, basmaçy
basyp alyp, bize geýdirdi donun,
garadonly edip gyrylan ili,
diri galanyndan alýarlar hunun.