Syr saklamagyň syry
Bilinýän zat: bilýän bolsa üç adam,
saklap bolar syry, ölse ikisi,
emma ulus iller, millet ölen dek,
görüp, bilip ogurlygy, talaňy,
urulsa-da gelejegi ýurdunyň,
bolup onuň bir bölegi her günde,
saklaýarlar syryn o bir aganyň,
ynanýandan bolup aýdan zadyna,
sorag bermek düşmeýän dek ýadyna,
erbet bolsa, gowy ýaşandan bolup,
käte ýalňyz galsa, gözýaşa boglup,
adalat bolmasa, bar diýip gülüp,
bilinýän zat: bilýän bolsa üç adam,
saklap biler syry barysy ölüp.