Surat

Millet we mafiýa

Bizi Aşgabatda mafiýabaşy
töhmet bilen tutdy, atdy zyndana,
il naçardy, goly, beýnisi bagly,
üstesine bahyllygyň ýesiri,
bendisidi garyplygyň ýüz ýyllap,
ýeri giňän ýaly, gülen-de boldy,
bize eli ýetmän, ölen-de boldy,
ýitip gitdi men-men diýen goçaklar,
öz-özlerin çar tarapdan pyçaklap;
niýetim - ýoldaşym, beýigiň sözi,
niýetiň - ýoldaşyň, sözi dananyň,
başga alkyş, başga gargyş gerek däl,
görer adam bolsa gözünde gözi,
ýüreginde ýürek, beýnide beýni,
bolmasa bu sözler, goşgy biderek,
gazallar biderek, biderek kyssa,
millet özün sylamasa mafiýa,
ogry-jümri bolar sylagly, ussat.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024