Lenin pursady

Biz oglandyk, garşy çykdyk ýaraga,
uruş, gowga taýýar däldik, sadadyk,
üstesine adamydyk galamyň,
ynanýardyk dogry sözüň güýjüne,
halallyga, diňe söz bolup galan,
paýhasyna il-ulusyň, aksakgal
ýaşulular gelip töwella etse,
sabyr-kanagata çagyrsa, dursa
dilde, sözde adalatyň ýanynda,
a soňundan gördük ýarag öňünde,
açlygyň öňünde arzanlan millet,
aýagasty edip biri-birini,
boşan süri ýaly eňildi aşak,
indi onuň bir ýetmezi Ulýanow,
pikir edýär döwlet ýeňsesin gaşap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024