Hakyky sürgün

Mahmut Derwüşiň äheňinde

Sürgün ýa-da bosgun bolmak ýurduňdan
gaçyp gitmek, göçüp gitmek däl diňe,
ýeriň ol ujuna, başga bir ülkä,
dil öwrenmek, çaga ýaly mekdepde,
öýde okap uly suratly kitap,
ak gijeler aglamak däl sürgünlik,
belki, galmak, il içinde myssaryp,
ýüzügara TW-äň ýüzüne garap,
gazetlerin okap, döwletiň ýalan
habarlaryn kellä selle däk saprap,
hemem sürgün etmek özüň özüňe,
ýa özüňde ýok edilen şahyra,
alyma, daýhana, işçi, gullukçy,
kim bolsaň bol, emma bolma adaty
adam ýaly adam, eden pikirin,
gören zadyn aýdyp bilýän gypynçsyz,
pikir etme, bolma adama meňzeş,
saňa derek pikir etsin başgalar,
sürgün bolmak diňe ýurtdan gitmek däl,
gitmek, belki, içde gurlan daş gala.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024