Türkmeniň egosy
E.A.-dan ogurlanan goşgy
Türkmeniň egosy uzyn özünden,
iki metr, üç-dört metr, belki-de,
uzakdan görünýär, özi bolmasyn,
gelmesin ýanyňa o ýyl-bu ýylda,
ego bilen ýakasyny tanadan,
düýe münen ýaly at münse eger,
eşek münse atly ýaly, gamçysyn
gaýgyrmaýar ýüz-gözünden adamyň,
pyýadasy uçar münen mysaly,
bisowat ýok, bary bilermen, alym,
türkmeniň egosy uzyn özünden,
belki, şondan akly giç gelýär onuň,
ýa gelmeýär, şonuň üçin döwleti,
ýetmiş gursun, segsen gursun, durmaýar,
öwünýär ol, ýykylanyn sanaman,
dargaýar ol synanmagyň ýerine,
her gidene gynanmagyň ýerine,
begenjini gizläp bilmän gygyrýar,
belki, laýyk öz bulaşan şerine.