Saňa gerek zat
Nobel komiteti bilmez, aňlamaz,
goşgy näme, gazal näme türkmençe,
öz milletiň düşünmese, bilmese,
bilesi gelmese özün, özenin,
ýowşan bolup dogsaň, ýowşan bolmaly,
towşan bolup dogsaň, towşan bolmaly,
ykbalyna gözüň gitmän sözeniň,
çünki belli, galjagy ýok ot-çöpde,
itde-guşda, ýa adamda geleniň,
arça bolduň dag başynda, kim biljek,
ýa agaç at, ilki keýpi öleniň,
ýöne durmuş, ýazsaň, ýansaň, tutaşsaň,
özüň çoýun, peşmek ýaly şabyrdap,
öçüp gitjek ömür gysga bor çenden,
hem esasy düşünjek bol özüňe,
saňa näme gerek ozaly senden?