Ýurdunda ýurtsuzyň aýdany

Türkmençilik näme, sylag-hormatyň,
ýa ynamyň bolmaly däl adama;
sesiň näçe haýýar bolsa, owadan,
agzyň näçe hapa bolsa, agyzly,
ýüzüň näçe galyň bolsa, edenli,
eliň näçe egri bolsa, uzyn bor,
gahryman sen näçe kemsidip bilseň,
basgylasaň aýak ýeten ýeriňi,
ýagyr etseň taýak ýeten ýeriňi,
gaçanlar hiç gutulmasa, arzuwyň,
diliň ýetse, puşman etse gulakly,
ker, kör etseň bolmadymy, ýaradan,
näme üçin ýarylmaýar ýer diýip,
türkmençilik näme, dymmmaly diňe,
soramak ýok ýerim, ýurdum ber diýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024