Öwýän duşman
Diýýärler garşydaş ýalňyşýan bolsa,
sesiňi çykarman garaş soňuna,
emma sen duşman däl iliňe, halka,
diýmek onuň ýolbaşçysy kim bolsun,
saýsyn seni gadyr bilmez ýa haýyn,
işiň edip, ogurlyga goşulman,
hudaýlygyň sözlän bolsaň kyn günde,
oturyp bilmersiň synlap daşyndan,
görýäniňi aýtjak bolup sürgünde,
ýat illerde kösenersiň il üçin,
a çyn duşman, içe giren, köwegi,
öwüp ýykar, gapdalyndan göç göçüp.