Surat

Ynamsyz ýaşaýyş

Adam bolsaň, hem özüňi,
hem özgäni soraga çek,
sorag bermän gazap bilen,
haýbat atman, urup-sögmän,
emel ýeten azgyn ýaly,
ýa ýylgyryp, beýik bolup,
beg oýnuny oýnama-da,
adam ýaly gürleşjek bol,
sabryň ýetse soňuna çen,
söze düşen bolsa biraz,
adam ýaly bolmasaň sen,
adam ýaly bolmasa ol,
çekilersiň, dogry, aňsat
mesele däl adam bolmak,
hala garyp, hala baý bol,
ýöne has kyn ýitse ynam,
ýa bolmasa düýbünden ol.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024