Ömür gowgasy

Ömri diňe taňry berýär adama,
dogry, ilki saýlap ene-atasyn,
bagtyň çüwse, akyllysyn, pägini,
gowy ýürek berýär, etmejek asy,
ýöne kösenmeli, elden gaçyrman,
baýdak edip götermeli depäňde,
ýöne ony her öňýeten almakçy,
ýaglyk ýaly, kisesine salmakçy,
süpürmekçi aýakgabyn gyssansa,
garaşyk ýok gorkup, sorasaň aman,
galybyna saljak, saljak çukura,
kelläňi galdyrsaň, kätmen galgadyp,
göz bol diýjek soňky gözli sokura,
dilsizleriň dili bolup, agzyna
sözlejek sözlerin salyp bermeli,
a soňundan el çarpmaly begenip,
okap bilse ýazanyňy ýalňyşman,
eger sylap, berse owadan kürsi,
oturmak ýok, dikilgazyk durmaly,
ýaşamaly ýaşan bolup, ezilip,
alla, neden beýle çig etdiň işiň,
ýa-da şumy seniň üçin hezili?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024