Il sylasa
Il sylasa, sylamasa, öz işi,
sen iliňi syla, bilse, bilmese,
bite, bürä gahar etme, deň bolma,
ýorganyňy oda, suwa taşlama,
ýetik diýip iliň kümsügi, mesi,
ýa bahyly, nirä barýar, bilmeýän,
sylajak bol uly, kiçi, köplügi,
işiň bilen, sözüňde däl, elbetde,
içinde garyby, garrany ýetik,
ýetik, belki, ýaş başyndan bilýäni,
adam bolsaň, adam ýaly ýaşarsyň,
talap gitmän dogulýany, ölýäni.