Geň galýanlar

Geň galýanlar geň galdyrýar,
sag halyna dälihana
taşlanana, basylana,
töhmet bilen gara jaýa,
geň galýanlar geň galdyrýar,
ata-baba ömrizaýa,
ýyldyz ýaly öçýän millet,
basyp alan bilen bile,
tomaşaçy üstesine,
eger-eger çyn sözüni
aýdyp bilmez, diýip bilmez,
bilýär ýogsa örän gowy,
iýjegini iýip bilmez,
geýjegini geýip bilmez,
çünki örän eder heder,
ýylba-ýyldan, ösmek nirde,
göýdük, bahyl bolar beter,
hemem gezek geler bir gün
äkiderler gara jaýa,
geň galýanlar geň galdyrýar,
ata-baba ömri zaýa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024