Çorbanyň çorbasy

Sen sylasaň, hormat etseň, adamdyr,
özüm ýaly diýip, goýsaň deňiňde,
sözüni bölmeseň, gürlese uzak,
hiç manysy bolmasa-da kämahal,
ýa-da bolsa görnüp duran aňyrsy,
o birinden alnyp, saňa oklanýan
pökgi ýaly ýeňil bolsa agramy,
çorbanyň çorbasyn içip ýylgyrsaň,
duz, tagamy bolmasa-da, öňümde
goýdular-la diýip, sypaýy, sada,
pikir etme ilem diňlär sözüňi,
ýöne sen aglasaň, sylan köplügiň,
gyzgan bile süpür diýer gözüňi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024