Sen bilmersiň
Sen bilmersiň eger-eger, hiç haçan
duşmanlaryň duşmanlygy dostlaryň,
bir gazetde, bir žurnalda galamly,
şere garşy, haýyr üçin söweşen,
duz iýişen kärdeşleriň öjünden,
ýigrenjinden nädip gutarar seni,
tanamarsyň eger-eger, hiç haçan,
görmezden öň öň hatarda arkaňdan,
ýa-da ýüzüň kessir urjak haýyny,
a soň haýyn diýip gybatyň etjek,
yza galsaň, hezillik ýok durmuşda,
öňe gitseň has kän uçutdan itjek.