Iň gyzyl alma

Sen adamda gowulygy görersiň,
belki-de bu islegiňden, zandyňdan,
içden gelýän, özüň gowy hasaplap,
bilmän, görmän hatalaryň, hasapsyz,
soň adamlar tanadarlar özlerin,
kesekiniň kemçiligin görmäge
gözüň bardyr, gulaklaryň jam ýaly,
başga many çykararsyň sözünden,
bes edersiň gowulygy görmegi,
saýgarmagy, gözlemegi iň bolman,
hem diýersiň bary şeýle, ýeke men
beýik şahadaky iň gyzyl alma.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024