Ogry çykalgasy
Ogry diňe ogurlamaz il malyn,
emel ýetse, ynanylsa iş, orun,
talap oňmaz diňe goňşy-golamyn,
päli azar orden dakyp döşüne,
duşman eder ili biri-birine,
hem süňk oklar, alyň diýip, göş ine!
Parhy bolmaz haýsy işde işlesin,
uly, kiçi wezipesi, kürsüsi,
ýa ýazyjy, şahyr bolsun, il diýýän,
eli egriň bolar ýüregi egri,
päl-niýeti heläk eder, käbiri
müýnli bolar, özün iýer gijeler,
beýlekisi, ýüzi galyň, utanman,
hüjüm eder düzüw bolsa, adamy
utandyrjak bolar, gorkuzjak bolar,
ogry diňe ogurlamaz ynamyň,
atmadyk daňlaryň ogurlar, alar,
jübüsine salyp gider gyssanmaç,
ýöne bolar beter, öňküsinden aç.
Tekede däl, ýomutda däl mesele,
mesele däl özbek, rus, ermeni,
mesele ogurlyk, talaň, ýalanyň
ýapjak bolmak toba etmäge derek,
sebäbi sen iýip, doýup bilmediň,
deňiz suwun içdiň, ýene-de gerek,
ýöne seniň ýaly, nebsi özünden
öňe düşen az däl, başga-da ýetik,
olar seniň ogurlanyň ogurlap,
gidýär käte tutan guşuňy ütüp,
bilinýän zat, görýär awçy awçyny,
görünmänkä entek obaň çetinden,
saňa ýene gerek orun, dereje,
diýmek ýigrenç tohumyny sepmeli,
guýularyn arpa guýup, zäherläp,
malyn gyryp, ili aç-hor epmeli.
Bu bolşewik emelidi ozallar,
indi saňa miras galdy, sapak däl,
sebäbi sen gowy bilýäň, bilýärler
kimdigiňi, nämedigiň, ýasan dek,
şonuň üçin yzdan gelýän arassa,
nesilleri bir-birine salmaly,
gürrüň edip gurmak, durmak asan dek,
aňsat ýaly ýykylany galdyrmak,
çep eliňden geljek ýaly, hamala,
çöken halkyň hazynasyn doldurmak.
Ozal suwly äkidilen, yzyna
suwsuz gelen iliň oglany, gyzy,
okamadyk, oýlanmadyk, bilmedik,
hem taýýar däl hiç gürrüňe, jedele,
ýene agzyn açyp diňleýär doýman,
ertekiniň güýji - süýji soňlama,
kada, kanun, hiç bolmajak ogrular,
eli egri gelse iliň başyna,
päli egri gelse iliň başyna,
ýene-de uruljak dogursyn aýdan,
ýene çapar, žurnalistler günäkär,
bagtly boljak gaçan, ýurdundan gaýdan.
O taýda, bu taýda, dogry hasap ýok,
gürleýän bar bilip, bilmän, kitüwli,
ýigrenç ekip ýüregine milletiň,
aýdyňlyk däl, akyl, mantyk, many däl,
şübhe ekip, ynanmasyn hiç kime,
ogry diňe ogurlamaz il malyn,
ynamyny, umydyny ogurlar,
tutulsyn ýa tutulmasyn, tanalsa,
şol bir ýylan çakar ili ikinji,
üçünji, dördünji, bäşinji gezek,
eger syýasatçy ogruja bolsa,
ýeke ýol bar, ili iýmeli ezip.