Göwün bagy
Kellesi hem ýüregi
başga bolan adama,
görüp durkaň kimdigin,
yssy diýip ýüz otdan,
häsin berip gürlese,
ýa uguňy ýekeläp,
guran bolsa duzagyn,
gora göwün bagyňy,
araňy aç başarsaň,
o bolmasa, ýylgyryp,
zaýalama sözüňi,
hem ýitirme wagtyňy,
kömekleşme göýdüge
kirletmäge tagtyňy.