Ejiziň pişesi

Seni senden köp iş edýän kyhlamaz,
yhlas edýän öz işine, iline,
hiç gygyrmaz ses gataldyp diýýärler,
bu hemişe az iş edýän işsiziň,
iş etmeýän nadaranyň işidir,
pitjiň atar, akyl satar gapdaldan,
aladasyn eden bolup milletiň,
gara gamy özi bolsa adamyň,
ýa bolmasa elden gelýän pişesi,
iş edýäne şyltak atyp uzakdan,
ýa ýakyndan gyrjak bolar ganatyn,
asmana göterýän, görkezýän ile,
seni senden köp iş edýän ýigrenmez,
ejiz urar diňe aşakdan bile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024