Il islemese
Özi saýlar iliň, gul boljak bolsa,
özi saýlar iliň, kül boljak bolsa,
tozap gitjek bolsa ýeliň ugruna,
ýa ot bolup, ýanjak bolsa alawlap,
özi biler iliň bilesi gelse,
ýa özüni ele alasy gelse,
sen oňa öwretme, akylam satma,
mugt berseň-de almajagyn bilýärkäň,
pikir etme gowulygyn milletiň,
peýdasy ýok seniň gowy niýetiň,
zyýany bar, belki, özüňe ilki,
gowy bolsaň, gelmez diýip ýüzüme,
ne ýakynyň, ne ýat diňlär sözüňi,
daglara ýaň salar gygyrsaň sesiň,
il eşitmez, görmez ýaşly gözüňi.