Aryş ýaryşy
Platonyň äheňinde
Hakykatdan diňe başga birin däl,
özüňi-de goýma ýokarda, uly,
ak sakgally pir mysaly, ynanyp,
göterilme iki günlük şöhrada,
ýa-da aman galsaň tötänlik bilen,
sebäbi adamy kim bolsa bolsun,
bagyşlamaz töweregi hiç haçan,
öç alarlar eger başarsa olar,
guda bolan ýaly ýalňyşyp garşa,
gyssanarlar, gysganarlar aljyrap,
bir-birinden ozup, barjak dek arşa.