Daşardaky duşman
Daşardaky duşman seniň
eneň, ataň çekenini az görer,
az görer ol doganlaryň çekenin,
diňe işden kowulan däl, urlan däl,
gözi ýolda ölenleriň az görer,
gara güýje daýanýanyň elinden,
daşardaky duşman kän görer seni,
awy seçer ýat illerde dilinden.
Içerdäki duşman, türme, zyndanly,
tomaşaçy halka göz edip, basyp,
ýüpüň ýok, agaç ýok, öýüňde asyp,
gözüňe çiş kakyp uzak gijeler,
öldürýärkä diri, göz edip dünýä,
beter etjek eger ertir han bolsa,
daşardaky duşman açar arzuwyn,
tohum-tijiň agzy, burny gan bolsa,
galmasa dirisi, ýa galyp diri,
beýlekiler ýaly süri, san bolsa,
daşardaky ildeş isleýär gaty,
hiç adam gülmese özünden başga,
ýurdy basyp alsa, hem çyksa aty,
döwran sürse durup yzda däl, başda,
erbet ýeri, bilenok ol, gorkanok,
hasap baryn her bir zyňylan daşda.