Garry gurt
Ýalan seni eýelär, dost,
basyp alar gylyçsyz ol,
atdan ýyndam, çalasyndyr,
ýesir alar, eliň daňman,
lezzet alsaň, elbetde,
ynanasyň gelse gaty,
öz ýalanyň şerap edip,
içersiň sen ertir, agşam,
ýamanyňa diýip ýagşy,
ýigrenç seni eýelär, dost,
basyp alar bahyllygyň,
ýesir alar nebis seni,
derek galmaz özüňden soň,
o biri dek gursaň jeňi,
top-tüpeňli, ýykyp ýurduň,
gygyr soňra agzynda hiç
gan ýok diýip garry gurduň.