Familiýasyny çalşan dogana

Galanalary ýeter maňa,
naçar galan, ýetim-ýesir,
gara gorka çümüp ýaşan,
baş galdyran dogan üçin,
ýat illerde ýanyp, sowap,
bulut bolman ýagan üçin...

Ýeter maňa ýüregini
tutup ölen käbäm ejem,
ýetim ösen uruşdan soň,
kakam ýeter, mekdebinden,
46 ýyl işlän ýeri,
ikilikçi jellat kowan,
atam ýeter, halk duşmany,
on ýyl alan bolşewikden,
agalarym ýeter ölen,
inilerim ýeter ölen,
dileýärin ertir, agşam,
jaýy jennet bolsun diýip,
sen kimmişiň, duzum iýip,
namysyny maşgalanyň
zyňar ýaly çöp-çalama,
şükür, içde, daşda ýetik,
Annagurban adyn depip,
garalajak, gara tapsa,
ýöne olar açyk duşman,
erkek duşman saňa görä,
sen ýapygy, bilýän indi,
sen tetellä belet örän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024