Seniň işiň
Seniň başga alajyň ýok,
ejiz bolsaň, başyň egseň,
bolýar diýseň bolmaýana,
depelärler soňuna çen,
basgylarlar göýä haly,
garyp çaga dokadylan,
bolmajagy baý edersiň,
beg edersiň, ezer ýaly
diňe seniň özüňi däl,
çagalaryň, agtyklaryň,
il-ulusyň bilen bile,
seniň başga alajyň ýok,
işiňi et, buýrup dile,
seniň işiň däldir, düşün
boş peşeňe baş ýaýkamak,
ýa-da ýorup bermek düýşün,
goý, gürrüňjik etsin egsik,
wagt ýitirsin ýüzläp, üýşüp.