Pikir etseň...
Life is a tragedy for those who feel, and a comedy for those who think. La Bruyere
TW-däki surat üçin owadan,
o birisi, bu birisi, ýadaman,
bagtly bolup oýnamaga ilgezik,
ýa mejbury, agzyn açyp bilmejek,
adamlary ýygnap, özün aldaýan,
ogurlamak üçin umydyn iliň,
gözli bolsa, öz gözlerin baglaýar,
gowy diýip aýdym aýdýan bu durmuş,
bilýän bolsa, meger, içden aglaýar.
Däp-dessurlar, saçak, tamdyr, çapady,
ýüň saýýanlar, ik egirýän, beýleki,
ýüpek geýen, ak gyňaçly aýallar,
ýa gelinler, bilezikli goşary,
gyz-oglanlar gaýmalaýan ýelek dek,
ýa gollaryn çyzgap, uly gazanda
palaw buglan erkekleri görkezip,
aç-hor bolsa, doýurmak däl niýeti,
ýesir almak isleýänin bilmeseň,
ýa-da bilip, bilmeýäni oýnasaň,
sen – hökümet, hökümet – sen, eziji,
çaý demlener tüňçesinde gaýnasaň.