Güýçsüziň güýji
Rudeness is the weak person's imitation of strength. Eric Hoffer
Paýyş sözler, nadaralyk hiç haçan
gylygy däl güýçlüleriň, bu belli,
ýöne ejiz, çöpe dirände syrtyn,
nämeleri synag etmez, gyssanmaç
öz aýybyn özi açýanyn bilmän,
käbirleri, bagty gelip ýat ilde,
synlaýar-da töweregin, daşyny,
görýär bir gün ösüşleri, tesişi,
hem bolmajak bolýar öňküsi ýaly,
beýlekiler beter bolýar öňküden,
almasyz sözleri agzyna alyp,
pese düşmez asly bolan, bolmadyk
belli bolar iki basgançak galyp,
ýa-da çala garny doýsa çörekden,
alla, akyl-huşdan aýyrma, gora
bir, iki däl, süri bolan dürekden.