Ne dişim bar, ne-de işdäm
Denis Dragunskiniň äheňinde
Bizar boldum ýigrenmekden, susmakdan,
hiç bir güýjüm, ysgyn, mydar galmady,
gahar edip, ýek görmäge milleti,
hökümeti, ejizligiň gözbaşy,
ýöne söýüp, bagyşlabam bilemok,
başaramok elim çarpyp, baş atyp,
oňaramok ýylgyrmagy ýalandan,
ýa-da hudaý, alla baglap umydy,
garaşamok bir gün arym alarna,
galýar diňe biparh bolmak, ýygrylmak,
busmak aşak, goýuň diýip ölmäge,
öz öýümde, gykylyksyz, urulman,
gorkýan siziň türmäňizden, bit, büre,
açlyk, sowuk, yssy büren arly ýyl,
bizar boldum ýaşaýyşdan, durmuşdan,
mejalym ýok gürlemäge, diýmäge,
indi maňa geregi ýok paýogyň,
ne dişim bar, ne-de işdäm iýmäge.