Akylly taýpa
Ýürek gerek, kelle gerek adama,
dykylmadyk zir-zibilden, milletde
öz-özüni çöpe taşlan, har eden,
saýlamaly – ýola çyksa, çykmasa,
ýa aralyk, karar etmän kösense,
diýmese sözüni diýmeli ýerde,
durmasa durmaly bolanda özi,
çagalary üçin, aýaly üçin,
ata-baba namys üçin her merde,
gaça durup garşylykdan, uruşdan,
köp bilýäniň roluny oýnasa,
pully bolsa, gully bolsa gapysy,
ýa-da bolsa taýyn aşyň sopusy,
goý, başgalar etsin diýip bu işi,
busup galyp, garym gazsa özünde,
başyňy galdyrma, ok ýagýan wagty,
seretme-de öň hatara, turmak däl,
töwekgellik etmek beýlede dursun,
diýip akyl berse özi özüne,
soň gygyrsa o, bi diýip, batanda,
ynanma sen o taýpanyň sözüne.