Kim eşider?
Giç dälmişin hergiz gutuljak üçin,
agyrydan etden öten asyrlap,
süňke geçen gulçulykdan, islese,
arzuw bolsa, höwes bolsa içinde,
duşagyny çözüp, gaýgysyn etmän,
iller näme diýer diýip yzymdan,
düşünermiş adam ýola çykana,
açarmyşyn açan ýaly kontinent,
adamlary, derdi meňzeş, özge däl,
bir gämide, düýbi deşik, suw syzýan,
yzda näme, öňde näme garaşýar,
bilermişin beter bolmasa hassa,
iň esasy meselesi dünýäniň,
goý, özüni tapsyn, gözlesin, gussa,
gam çekmegiň ýerne ezilen, ejiz,
özgelere, ile galman çolaşyp,
ýa galanyn görsün iliň nirede,
içinde däl, çykyp gidip, ýol aşyp...
Dogry, aňsat bolmaz ýola çykana,
ýöne yzda galanlaram gönenmez,
gözlemese, öz ýoluny tapmasa,
öýünde ýa ýolda, tanap özüni,
aldanmasa çaga ýaly, ynanyp,
süýji söze, wadalara owadan,
bilmek üçin oýnalanyn ertesi,
aşyk ýaly, sülüp gitse oýunçy,
kim eşider içden aglanyň sesin?..