Şahyr we ykbal
Garaşmandym, biri sorady gorka,
tötänlikmi, şahyr juwan ýaşynda,
duşmanyň okundan ýykyldy, öldi,
ýogsa onuň ýaragyny, urşuny,
ganly niýetlerin aklap bilipdi,
watançylyk, mukaddeslik, hamala,
basyp alan, gyran, zorlan illerin,
hatda öz ilini görmän gelipdi,
aglaýardy agysyny Puşkiniň,
Lermontowyň, wah, bimahal ölüpdi...
Türkmen ýaýlasynda dogulan oglan,
çeşme suwun içen arassa, tämiz,
kärizleri gömülmedik watanda,
çagalygy gabat gelen açlyga,
çörek nobatyny, talaňy bilýän,
öz ilini unudypdy meýletin,
tanaýardy kärdeşlerin, çüýşedeş,
bile içip, agşam arzajyk ýazýan,
ussatlygy eli galam tutanyň,
boýun alyň, aýak aşagyn gazýan,
galstukly, ak köýnekli adamlar,
ýetişipdi, kändi wezipe aljak,
diýmek, diýjek gysmalydy dişini,
ýaranamly hökümete, partiýa,
goraýardy şahyrlary, satylan,
otuzynjy ýyllar, şeriň şalygy
gurulýarka, garşy çykan atylan,
ýa-da sürgün bolan Sibire, emma
şahyr muny aýdyp, diýip bilmeýär,
diýse, geljek at-abraý gelmeýär...
Garaşmandym, biri sorady gorka,
tötänlikmi, şahyr juwan ýaşynda,
duşmanyň okundan ýykyldy, öldi,
jogaby ýok, sorag galdy, ýaşlykdan
ýatda galan setirleri sermedim,
okadym, agtardym, aňlajak boldum,
aýdylmadyk sözler aýdýar nämäni,
şöhrat gerek, sylag gerek adama,
perişde däl, gerek kepi-sapa-da,
ejiz şygyr näme, saçyny ütýän
şahyr näme, asly bolan şahyryň,
aşykmy ol, daýhanmy ol, derwüşmi,
ýa çyn sözüň duşmanymy, züwwetdin,
näme üçin bergili ol geçmişe,
näme üçin bergili ol geljege,
üstesine dowam etjek bakyýa,
müň ýyl ötüp, şahyr, aşyk ýa daýhan,
bize gelip, bizden gaçan saky ýa?..