Seret, oglan!
Seni iýjek kändi, oglan,
uly, kiçi kürsülerde,
ýa kürsüsiz, hantamalar,
umydygär aňsat aşdan,
çeňňek atan, gapan guran
kändi çaksyz, ýöne hudaý
üşük berdi, pikir berdi,
hem nur berdi gözleriňe,
ýöne seret sözleriňe,
uly söze toba, toba,
gözün dikýär garyp oba,
dolanjak bol aman, esen,
ýapyşmanka soňky kesel,
basjak ýeriň gözle, oglan,
seret, dynman gürleýäniň
agzyna däl, işine bek,
ertir belli bolandan soň,
sagyň, soluň alandan soň,
dar kapasa salandan soň,
ýanmaz ýaly, köýmez ýaly,
nädip beýle sada boldum
diýip özüň iýmez ýaly,
seret, oglan, seret mydam,
ýok, ýaşadym diýme elli,
almyş ýa-da ýetmiş indi,
kändiir öňde boljak petik,
bolar mydam gemirjek baş,
gözüň çokjak garga ýetik.