Wada we adam
Wada näçe gowy bolsa,
bal garylsa näçe söze,
şonça gowy ynanma-da,
ýatla öňki wadalary,
wada berýän kim aslynda,
näme etdi özi üçin,
ýa-da işi, pişesi ne,
görünip dur gözüň bolsa,
hemem kelläň bolsa biraz,
ýöne ýene birki gezek
geljek bolsaň goja dünýä,
aldan söze, wadalara,
git yzyna düş-de kaşyň,
ýerde jenne adalara.