Ýalan umyt
Umyt bermek üçin, belki,
iň gazaply gyşdan soňam,
diýer adam geler ýazlar,
tüm garaňky gijeden soň,
daň agarar, gün görüner,
ýagtylyk bor dünýe ýene,
gün ýaşýança, dogry, soňra,
garaňky bor ýene biraz,
a soň ýene gygyr horaz,
gowy gowy geçse ömür,
emma adam ýaşamaýar,
hatda uzak ýaşasa-da,
ýetişmeýär ýaşamaga,
görüp bilmän hözirin oň,
alla bardyr diýip günde,
garaşýar ol gowulyga,
basgylasa hökümet, han,
çagasyny gaýgy edýär,
agasyny gaýgy edýär,
ene-eta gaýgy has-da,
geplemäýin, ýalňyşmaýyn,
il çydaýar, dagy nätjek,
gaçyp haýsy ýurda gitjek?
Garaşýar ol, gulçulyga
tabyn bolup ömür boýy,
şonuň üçin garaşmagy,
boş duýgyny wagyz etmäň,
gyş gelmezden, agyr, ozal,
odun, azyk, ýükün tutsun,
garaňkyda galjak bolsa,
mumy bolsun, ýakar ýaly,
okar ýaly kitaplary,
mülki bolsun bakar ýaly,
akyldarly, ýaşan, geçen,
gün dogýança gözün dikip,
içindäki nury öçen,
ýaşamasyn igläp, ejiz,
garaş diýmäň diňe sadyk,
ýesir bolup tümlüklere,
gol gowşuryp gara gyşa,
diýiň oňa göreş, ýaşa!