Biçäre watan
A bad system will beat a good person every time. W. Edwards Deming
Ölüsini sylamadyk -
sylamazmyş dirisini diýýärler,
ýöne diriň sylagy ýok milletde,
degeri ýok, goragy ýok adamyň,
dogry sözli, işin eden urulsa,
agzy boşlar şyltak atsa çar ýandan,
ýakasy gaýyşly gorkulýan bolsa,
ýalançylar, jenaýatçy han bolsa,
gykylykçy, nadaralar sylansa,
ölülere gerekmikä sylag, san,
ýa-da nämä gerek beýle milletiň,
sylagy, hormaty, orden, medaly,
diri günüň suw damdyrman agzyňa,
türmä düşseň, gülüp içi gyrylýan,
ýa KGB ýat illerde entetse,
gerekmi yzyňda gözýaş dökeni,
ýa soň tanap, ýüz ýyl ýasyň tutany?
Dirisini sylamadyk adamlar,
içde, daşda, görüň, nätdi watany!