Ajy hakykat

O birisi diýipmişin ýüz ýyl öň:
ýatsam, gitsem uzak uka, oýansam,
ýüz ýyldan soň sorasalar aýdaryn,
näme bolýar diýip ilde, watanda,
içýärler hem opurýarlar ýurdumyz;
beýlekisi, has beýikmiş, diýipdir:
görmesem-de kän gowulyk daşymda,
namysymdan ant içýärin, ynanyň,
özge ýurdy, başga watan islemen,
ýa islemen başga taryh, ýazylan,
ata-baba, hudaý beren, ikisem
klassykmyş, bir-birinden akylly,
hemem bary oýunçy däl, beýikmiş,
okanlaryň ýary boldy ýalançy,
käşgä bular hakykat däl, bolsa düýş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024