Öz jenaýatyň
Wada näçe uly bolsa,
bal garylan sözler bilen,
şonça daşa gaçma derek,
ýakyn gelseň, tora girseň,
üstesine sapak alman,
kän ýykylyp, ýerden galman,
çala dyza galan günüň,
ýene, ýene süçji söze,
uly wada gulak gerseň,
peýdasy ýok dünýäň saňa,
nirä ýetsin ösüp, örňäp,
hiç kim kömek edip bilmez,
bu jenaýat, özüň derňe.