Dogry söz
Hawa, külden ot dörärmiş,
ýöne ilki ýanmaly sen,
tutaşmaly ojar ýaly,
sazak ýaly, közi gözel,
peşmek ýaly, iň bolmanda,
şabyrt edip, aňsat, hezil,
ýanan bolmak ýeterlik däl,
dil ujundan gelýän gürrüň,
janym halkym, eziz dogan,
pikir etme aldar diýip,
salar diýip ili ala,
gurban bolan gara güýje,
görünip dur hemmejesi,
il tanaýar seni hemem
eneň, ataň, akja jüýje,
ýöne düşün, düşünjek bol,
uçgun bilen ot bolmagyň,
lowlamagyň arasynda,
tüýt-müýt etjek tümlükleri,
düzüw niýet gerek ilki,
soň dogry söz, dil tansyny
kän bolandyr eden öňem,
ömrüň berme boş geplere,
bil, sanalgy güňüň seňem.