Milli çukur
Ulalsa-da oňalmadyk,
baky çaga bolsa millet,
haky onuň, hukugy bu,
agzyn dykyp bolmaz kimsäň,
ýöne nätjek, iň agyry
düşýär başga gözi bara,
sözi bara, dymmajaga,
kerpiç guýýan ussa ýaly,
palçyk edip, berip tabyn,
bir galyba saljaklar kän,
dyzaýan kän açyp dükan,
diňe meniň malym gowy,
gelmeli sen, almaly sen,
kesen nyrhym adalatly,
soramaly dälsiň aşak,
bolmasa git, bu çukurdan
çykmaz millet ýüz, müň ýaşap.