Siňe sereteseň
Diýipdirler adam ilki
aýyplarmyş özgeleri,
wah, men gowy, olar erbet,
ýykjak, ýakjak ýurdy, ýeri,
soň özüni aýyplarmyş,
ýaşy geçip, goýalyp az,
wah, bar günä özümde täk,
gözüm doýup ne gyş, ne ýaz,
emma soň ol ne özgäni,
ne özüni aýyplarmyş,
ýylgyrarmyş ajy diňe,
bu durmuşa baha bermek
bakdygyňça kyn bor siňe.