Aždarha we beýlekiler

Sen aždarha bilen dikleş,
awy-zäher bolan durşy,
ot sowurýan on kelleli,
ýüz kelleli, müň agyzdan,
dönük, haýyn, satlyk diýip,
garşy çyksaň, dursaň öňde,
alahöwren, kebjebaşlar,
suw ýylany, çar tarapdan,
aždarha däl, gelip senden
aslyşarlar çakjak bolup,
ýigrenerler adyň seniň,
özün çakan ile ýanma,
bolmaz etjek zadyň seniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024