Doýýan bolsaň
Seni türkmen türmesinden
gaçyrjak ýok, pul bolmasa,
goldajak ýok, gorajak ýok,
dilli bolsaň, gul bolmasaň,
ýaşa eger kaýyl bolsaň,
berim bolsa içi, daşy,
aýyp bolar gürrüň etmek,
il bagtyna çytmak gaşy.
Gybatyn et gidenleriň,
ýa-da ýigren pikri bolsa,
adamlary, biraz başga,
seni türkmen türmesinden
çykarjak ýok ýakyn-daşda...
Diýilýär-ä içki işiň,
diýilýär-ä öz meseläň,
gatyşylmaz, çykjak bolup,
gygyrmasaň, bagyrmasaň,
çagyrmasaň hiç kömege,
kime näme, saňa bolsa,
ile bolar goja dünýä,
öz türmäňden çykarjak ýok,
bezäp guran, belki, bilmän,
çykarjak ýok däpleriňden,
dessuryňdan, uýýan bolsaň,
tahýaňy geý, donuň ýeňlen,
küştdepdi dep, doýýan bolsaň.