Hudaý seni ýalňyşdyrar
Saňa samsykdygyň ýatlatmak üçin,
ýa görkezmek üçin töwerek-daşyň,
adam çeni bardyr diýýän dostlaryň,
duşmanlaryň, daşdan gomalyp ýören,
açmak üçin perdelenen ýüzlerin,
hudaý seni ýalňyşdyrar kämahal,
azaşdyrar göni ýolda, soranyň
gizlär senden ýol-ýodany, düzleri,
gynanarsyň ýazan saçagyň üçin,
güler ýüzüň üçin bigänä beren,
wagtyň üçin, durup ahwal soraşan,
ýa ýüzüne gelmän, ýalan sözlese,
beren “häleriňe” gaharyň geler,
emma sen gynanma, gaharam etme,
şeýle geldi, şeýle geçer dostlaryň,
duşmanlaryň sapak bermez hemişe,
sen çykaran çykdajyňa gyýylma,
ýykylmasaň, ýarap ýörseň bor işe.