Tanalmadyk oglan

Men özümiň bu görnüşim bilmezdim,
tanamazdym eremesem gar ýaly,
ýyly söze, ýagyşdan soň, gün çykyp,
aldanmazdym gowy diýip köpçülik,
iň esasy tanamaýan adamlar,
bäsleşige, bahyllyga aw bolan,
ýa-da awy açgözlügiň, eklenji
ýalana, talaňa baglanan diňe,
şükür, duşdy ýetik, açdy özüme,
tomaşaçy gördüm sansyz, saçaksyz,
lezzet alýan urulamda köp bolup,
dalanamda çar tarapdan, bilýärin,
tanaýaryn indi sada oglany,
obasyndan okuw diýip çykan hem
gaýdyp barmak islemedik yzyna,
men özümiň bu päkligim bilmezdim,
altmyşa çen saklansa-da azajyk,
el uzatjak bolup ýykylan görse,
entän görse awap ýüregi, bagry,
ýok ol indi, näçe çöksem dyzyma,
ýalbarsam-da dolanjak däl, geljek däl,
geň galardym sada, talanan ile,
hem gülerdim, indi kişä güljek däl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024